
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Gurama maksatlary



Eýeçiligiň görnüşine garamazdan edaralar, kärhanalar we guramalar, ilat üçin awtomobil ulaglary bilen Türkmenistanyň ähli ýerine we çäginden daşary baglaşylan şertnama laýyklykda ýükleri daşamak, ýolagçylary gatnatmak we awtomobil gatnawlarynda hereket edýän düzgünlere we görkezmelere laýyklykda howpsuzlygy üpjin etmek;


Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen baglaşan awtomobil ulaglary babatdaky döwletara resminamalaryna laýyklykda daşary ýurt awtomobilleriniň Türkmenistana gelmegi we onuň çäginden üstaşyr geçmegi üçin rugsatnamalary bermegi we daşary ýurtlaryň ygtyýarly guramalary bilen rugsatnamalaryň deň mukdardaky ylalaşylan sanlaryny alyşmak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek;


Daşary ýurt döwletlere degişli awtomobil ulaglarynda ýükleri Türkmenistana getirmek we Türkmenistandan ýükleri çykarmak üçin rugsatnamalary bermek hyzmatlaryny amala aşyrmak;


Awtoulaglaryň bejerilişini we tehniki taýdan hyzmat edişini ýola goýmak.
Biz hakda

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň 2020-nji ýylyň 31-nji martyndaky çykaran 33-Ö belgili buýrugy esasynda gaýtadan bellige alynan kärhanadyr. “Maryawtoulag” önümçilik birleşigi öz işini Türkmenistanyň “Kärhanalar hakyndaky” kanuny, Zähmet hakyndaky kanunlara we beýleki hereket edýän kanunçylyk hukuknamalaryna, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýruklaryna we görkezmelerine, Birleşigiň tertipnamasyna laýyklykda alyp barýar.
Mary welaýaty, Mary şaheri, Ýeňişiň 50 ýyllygy köçesiniň 54-nji jaýy.

"Ulag Ýük Hyzmatlary" halkara ýük gatnawlar üçin sanly bazar bolup durýar.

Täze "Ulag Ýük Hyzmatlary" portaly ýük gatnadyjylary we müşderileri gözlemek üçin ýük gatnawlaryny gurnamak işini ýeňilleşdirýär, sargytlaryň ýerine ýetiriliş möhletini gysgaldýar we adaty operasiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrýar. Saýt ýük gatnatmak bilen meşgullanýan kärhanalary we telekeçileri, ýük gatnawlary barada hem, ýük daşaýan transportlar barada hem hilli maglumat bilen üpjün edýär. Saýtda bellige durup ulanyjy islendik transport bilen ýük daşatmak barada ýüz tutup biler, ýük gatnadyjylar bolsa öz transport hyzmatlaryny yglan edip bilerler. Ekonomikanyň sanlaşdyrylmagy zamanynda, ""Ulag Ýük Hyzmatlary" bilen bile Digital-Logistika geçmek wagty geldi.
Täzelikler
