“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Biz hakda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Sebitde köpugurly ulag geçelgeleriniň döredilmegi sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini amala aşyrmaga, şonuň bilen birlikde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge, ählumumy durmuş-ykdysady ösüşe ýardam eder”.
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň 2020-nji ýylyň 31-nji martyndaky çykaran 33-Ö belgili buýrugy esasynda gaýtadan bellige alynan kärhanadyr. “Maryawtoulag” önümçilik birleşigi öz işini Türkmenistanyň “Kärhanalar hakyndaky” kanuny, Zähmet hakyndaky kanunlara we beýleki hereket edýän kanunçylyk hukuknamalaryna, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýruklaryna we görkezmelerine, Birleşigiň tertipnamasyna laýyklykda alyp barýar.

Birleşik Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýuridiki şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak bölümi tarapyndan 2020-nji ýylyň mart aýynyň 7-ne 25793297 belgi bilen gaýtadan bellige alynan “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň tabynlygyndaky kärhanasydyr. Birleşik ilki başda Mary welaýatynyň statistika uprawleniýasy tarapyndan 85458 belgili şertnama bilen 1994-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-ne Marynyň pudagara “Maryawtotranssowhoz” birleşigi ady bilen hasaba alyndy.