“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

14.02.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisine hem-de “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyna telegrammalary iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe hem-de “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Millere telegrammalary iberdi. Olarda döwlet Baştutanymyz täze, 2022-nji ýyl mynasybetli mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe iberilen telegrammada milli Liderimiz onuň däp bolan dostlukly, netijeli türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandyny belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Mintimer Şaýmiýewi 85 ýaşy bilen hem-de Keramatly apostol Andreý Perwozwannyý ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady.

Alekseý Millere iberilen telegrammada hormatly Prezidentimiz “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gaz ulgamynda ýurdumyzyň öňden gelýän we möhüm hyzmatdaşydygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşandyny belläp, köpýyllyk bilelikdäki işiň dowamynda özara gatnaşyklaryň netijeli nusgasynyň kemala gelendigini hem-de özara bähbide we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny nygtady.

Dörän mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Alekseý Milleri 60 ýaş ýubileýi hem-de oňa Russiýa Federasiýasynyň Zähmet Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisine hem-de “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk we alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.