“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

24.02.2022

Saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary

Şu gün ir bilen Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň bölüm müdiri T.Mätgeldiýew duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy G.Çendirowa söz berdi. Ol bu ýere ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony işbaşarjaň, başlangyçlar bilen çykyş edýän ýolbaşçy, oňat guramaçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra çykyş eden B.Gurbanow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny hem-de halkara abraýyny pugtalandyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin öz bilimini, güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny aýtdy hem-de ýygnananlary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Dalaşgär milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, ýurdumyzy kuwwatly senagat döwletine öwürmäge, ähli babatda halkymyzyň mynasyp durmuşyny döretmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etmegi maksat edinýär.

B.Gurbanow «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine degişli meseleler barada aýdyp, ylmyň hem-de tehnikanyň gazananlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, senagatyň esasy pudaklarynyň, şol sanda energetika, himiýa we nebitgaz pudaklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns beriljekdigini, ylym hem-de bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynyň kämilleşdirilmeginiň dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwletimiz kiçi we orta telekeçiligi, oba zähmetkeşlerini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldar, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi hem-de hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, oba adamlarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak üçin hemme şertleri döreder.

Dalaşgäriň maksatnamasynda ilatyň durmuş taýdan goraglylygy baradaky meselelere, saglygynyň pugtalandyrylmagyna, milli medeniýetiň ösdürilmegine, ýokary bilimli we watançy ýaş nesilleriň terbiýelenilmegine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mähriban halkymyzyň ata Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen yhlasly zähmetiniň ýardam berýändigi nygtaldy.

Soňra B.Gurbanow saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Şol sowallar ýakyn 30 ýylda saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, ýaş nesilleri bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmäge, ýokary netijeli sporty ösdürmäge, syýahatçylygy ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolan ýurdumyzyň taryhy-arheologik gymmatlyklary bolan sebitiň awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmaga degişli boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, üns berendikleri üçin, bu ýere ýygnananlara hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde netijeli zähmet çekjekdigine hem-de öz ähli güýjüni we ukybyny mähriban halkymyza hyzmat etmegiň bähbidine gönükdirjekdigine saýlawçylary ýene bir gezek ynandyrdy.

Şeýle hem şu ýerde günüň ikinji ýarymynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri K.Mämmedow açdy. Soňra dalaşgäriň ynanylan wekili — Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap birleşiginiň başlygy A.Amangeldiýew bu ýere ýygnananlary M.Ödeşowyň zähmet ýoly, şahsy we iş häsiýetleri bilen tanyşdyrdy. Şunda onuň syýasy sowatlylygy hem-de başlangyçlar bilen çykyş edýändigi, başarjaňlygy, partiýa işinde we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda toplan tejribesi bellenildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär iň ýokary we jogapkärli wezipä hödürlenendigi üçin hoşallyk bildirip, üstüne ýüklenilýän jogapkärçilige doly düşünýändigini nygtady hem-de saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň syýasatynyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Döwletimiziň baş maksady her bir raýat baradaky aladadan ybaratdyr, şoňa görä-de, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamanyň esasy ugurlary türkmenistanlylaryň abadançylygyna hem-de hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir diýip, M.Ödeşow nygtady.

Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, innowasiýalar esasynda önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak we ykdysady mümkinçiligini artdyrmak, çig mal serişdelerini netijeli peýdalanmak we gaýtadan işlemek, telekeçilige hem-de hususy işewürlige döwlet tarapyndan goldaw bermek, täze iş orunlaryny döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, eksportyň mukdaryny artdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça işler dowam etdiriler.

M.Ödeşow obasenagat toplumyndaky özgertmeler barada aýdyp, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň geljegi babatda pikirini giňişleýin beýan etdi. Dalaşgäriň belleýşi ýaly, bu ulgama maýa goýmagy dowam etmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw we ýer serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak hem-de ilatyň ekologik taýdan arassa önümlere bolan isleglerini doly möçberde üpjün etmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri görmek zerurdyr.

Ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň ösdürilmegine hem-de obasenagat pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berler. Welaýatlary senagatlaşdyrmak, täze, döwrebap bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralaryny gurmak, syýahatçylygy, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça işler häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda dowam etdiriler.

Öňde goýlan wezipeleriň hatarynda ösüp gelýän nesiller baradaky alada, döwletimizde kabul edilen, bilimli, ruhy taýdan baý we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýelemäge gönükdirilen kararlary, kanunlary hem-de maksatnamalary geljekde-de netijeli durmuşa geçirmek ugrundaky meseleler bar.

Duşuşygyň ahyrynda M.Ödeşowyň saýlawçylar bilen söhbetdeşligi boldy. Olary milli medeniýeti hem-de sungaty ösdürmek, milli mirasy, ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary gorap saklamak, täze senagat kärhanalarynyň gurulmagy hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligi, döwrebap mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ulgamynyň giňeldilmegi baradaky meseleler gyzyklandyrdy. Dalaşgäriň saýlawçylaryň sowallaryna jogaplary onuň ýurdumyzy ösüşiň täze belent sepgitlerine ýetirmäge alyp barýan ýollara garaýşyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär üns berendikleri üçin duşuşyga gatnaşyjylara hoşallyk bildirip, ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň bähbidine döwlet maksatnamalarynyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan ýörelgäni yzygiderli amala aşyrjakdygyna ýene-de bir gezek ynandyrdy.

***

Şu gün Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygy Agrar partiýanyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy B.Adylow açyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda, şol sanda oba hojalyk pudagynda gazanylýan ösüşlere, bilimli, gujur-gaýratly ýaş nesilleriň terbiýelenilmegine partiýanyň agzalarynyň goşandyny belledi.

Soňra dalaşgäriň ynanylan wekili — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary T.Bäşimowa söz berildi. Ol bu ýere ýygnananlary A.Bekmyradowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony jemgyýetçilik guramalarynda we ýerli häkimiýet edaralarynda syýasy hem-de guramaçylyk taýdan tejribe toplan, maksada okgunly we giň dünýägaraýyşly dalaşgär hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär A.Bekmyradow çykyş edip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyny beýan etdi hem-de onuň özenini döwletimizi mundan beýläk-de ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak, munuň üçin giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek, ylmyň iň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleriň düzýändigini belledi.

Oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin göz öňünde tutulýan maksatnamalaýyn çäreler giňişleýin beýan edildi. Dalaşgäriň pikirine görä, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ulgamyň ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edilmegi, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba zähmetkeşlerini dökün bilen üpjün etmek boýunça işler azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Obasenagat toplumynda ylmyň we tehnologiýanyň döwrebap gazananlaryny ornaşdyrmak, suwdan we ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berler.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlaryny ösdürmek hem-de awtoulag ýollarynyň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça işler dowam etdiriler.

Durmuş ähmiýetli meseleler, hususan-da, ýurdumyzyň raýatlaryny oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň aýratyn ugry hökmünde görkezildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen ileri tutulýan wezipeleri çözmegiň esasy ugur boljakdygy bellenildi.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär duşuşygyň dowamynda saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Onda bilim ulgamyna, obasenagat toplumyny kämilleşdirmäge hem-de ösüp gelýän nesli terbiýelemäge degişli giň gerimli meselelere orun berildi.

A. Bekmyradow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň käbir bölümleri boýunça bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, tejribesini, bilimini we gujur-gaýratyny ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna bagyş etjekdigine ynandyrdy.

Şeýle hem şu ýerde günüň ikinji ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň wekili L.Rejebowa açyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda telekeçilik ulgamynyň eýeleýän ornunyň giňeýändigini nygtady.

Soňra dalaşgäriň ynanylan wekili J.Töräýewe söz berildi. Ol bu ýere ýygnananlary B.Meredowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, onuň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynda hem-de dolandyryş edaralarynda dürli wezipelerde işläp, tejribe toplandygyny hem-de ýolbaşçylyk ukybyny görkezendigini belläp, hemmeleri saýlaw gününde işjeňlik görkezmäge çagyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlenen dalaşgäre söz berildi. Ol saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Şolaryň hatarynda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, döwlet tarapyndan giň şertleriň döredilmegi arkaly ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmäge ukyply bazar ykdysadyýetini kämilleşdirmek bar.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň baştutanlygynda uzak möhletli milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar, şäherleriň, obalaryň we sebitleriň keşbi düýpgöter özgerýär. Şunda ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň hem aýratyn goşandy bardyr. Hususyýetçiler tarapyndan ýokary hilli senagat önümleri, ekologik taýdan arassa önümler öndürilip, ýurdumyzyň içerki bazarynyň isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, daşary döwletlere eksport edilýär, dürli maksatly binalar gurulýar.

Dalaşgär ýurdumyzy has-da ösdürmek babatda garaýyşlaryny beýan edip, bilim we ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, bedenterbiýe hem-de sport ulgamlarynyň ösdürilmegine, ösüp gelýän ýaş nesle dünýä ölçeglerine laýyklykda bilim we terbiýe berilmegine, innowasion tehnologiýalara hem-de sanly ulgama daýanyp, bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmäge aýratyn üns beriljekdigini nygtady.

B.Meredow söhbetdeşligiň dowamynda saýlawçylaryň ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli sowallaryna jogap berdi. Hususan-da, bu ýere ýygnananlary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi hem-de onuň täzeçil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, oba ýollarynyň durkunyň täzelenilmegi baradaky meseleler we beýlekiler gyzyklandyrdy.

Şeýle hem dalaşgär telekeçilik ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, önümleri eksport etmek boýunça ýerine ýetiriljek işler barada aýtdy. Munuň özi telekeçileriň ynanylan taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine jogapkärçiligini güýçlendirer.

B.Meredow bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, ähli güýjüni, bilimini hem-de ukyp-başarnygyny Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine gönükdirjekdigine ynandyrdy.