“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

25.02.2022

Saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler wagyz işlerini geçirmek üçin Saýlaw kodeksine laýyklykda özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, saýlawçylar bilen duşuşyklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ahal welaýaty, 25-nji fewral (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Demokratik partiýasyndan dalaşgär, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy. Bu duşuşyga zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy R.Işangulyýew duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili — TDP-niň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy N.Hojaýewa söz berdi. Ol ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de Serdar Berdimuhamedowyň şahsy we işewürlik häsiýetlerini belläp, ony giň gözýetimli, sowatly, guramaçylyk ukyby bolan ýokary derejeli hünärmen, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň mynasyp wekili hökmünde häsiýetlendirdi. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň dürli düzümlerde ýolbaşçy wezipelerde işlemek bilen, işe jogapkärçilikli çemeleşýändigi, başlangyçlar bilen çykyş edýändigi, täzelikleri girizýändigi hem-de ýokary hünär derejesi bellenildi.

Soňra ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň öňünde çykyş etdi. Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, döwlet Baştutanlygyna saýlanan ýagdaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan ilkinji nobatdaky wezipeleri nazara almak bilen, ata Watanymyza hem-de türkmen halkyna gulluk etjekdigini, durmuş ugurly syýasaty dowam etdirjekdigini nygtady.

Dalaşgär tebigy aýratynlyklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň hasabyna sebitleriň ösdürilmegi bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklajakdygyny belledi. Şu babatda geljekde welaýatlaryň ykdysadyýetleriniň sazlaşykly ösdürilmegi üçin şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet berler. Munuň özi olaryň hojalyk we önümçilik düzümleriniň özara baglanyşygy, haryt hem-de önüm dolanyşygy üçin täze mümkinçilikleri açar. Şunda uly we kiçi şäherlerde hem-de ilatly ýerlerde ýaşaýan adamlaryň ählisi üçin durmuş-ýaşaýyş şertleriniň bitewi ülňülerini kemala getirmek esasy wezipe bolmagynda galar.

Ýaşaýyş jaýlarynyňdyr toplumlarynyň we obalaryň gurulmagy, täze awtomobil ýollarynyň çekilmegi hem-de hereket edýänleriniň durkunyň täzelenilmegi, gaz geçirijileriň, elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, köprüleriň, önümçilik hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, täze iş orunlarynyň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, ilatyň saglygyny goramak, şol sanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda hem-de beýleki ugurdaş maksatnamalarda kesgitlenilen wezipeleri nazarda tutup, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem türkmenistanlylara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler barada durup geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär öz çykyşynda milli ykdysadyýetimiz üçin obasenagat pudagynyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Bu pudak senagat kärhanalaryny çig mal bilen üpjün edýär, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, her sebitiň, şol sanda Ahal welaýatynyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine, bu ulgamda bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň, ýer we suw serişdelerini dolandyrmagyň netijeliligini artdyrmagyň, pudaga ylmyň gazananlaryny we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagatyň täze önümçilik kuwwatlyklaryny hem-de mineral dökünleri öndürýän kärhanalary döretmegiň wajypdygy bellenildi. Bu wezipäniň çözülmegi obasenagat toplumynyň jemi içerki önüme goşýan goşandyny hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda ýygnananlara hoşallyk bildirdi hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň we türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine güýç-kuwwatyny, tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Daşoguz, 25-nji fewral (TDH). Şu gün irden Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysadyýet orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşiginiň başlygynyň orunbasary A.Taganow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenabat şäheriniň 28-nji orta mekdebiniň direktory Ý.Ýagmyrowa söz berdi. Ol ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony gujurly, ýokary hünärli, mugallymçylyk işinde tejribe toplan, sowatly, guramaçylyk ukyby bolan, talapkär ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän döwrebap ýurdumyz dünýäde durnukly ykdysadyýetli, baý medeniýetli, halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler hem-de iri halkara guramalar bilen deňhukukly dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatly Bitarap, parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde dünýäde giňden ykrar edildi.

Dalaşgär gazanylan üstünliklere, döwleti dolandyrmagyň iň gowy dünýä tejribesine daýanyp, ösüşiň we abadançylygyň täze sepgitlerine tarap saýlanyp alnan ugur boýunça mundan beýläk-de öňe gitmelidigini nygtady. Bu maksatlara ýetmek üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Halkymyzyň bitewüligi we jebisligi hem-de bagtly geljege bolan mizemez ynamy bu şertleriň iň esasysydyr.

Döwlet maksatnamalarynda, şol sanda ýakynda kabul edilen Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan hem-de başy başlanan giň gerimli özgertmeler dowam etdiriler. Hususy telekeçilige döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berler. Durmuş ugurly syýasat mundan beýläk-de halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdiriler.

Perhat Begenjow saýlawçylaryň ylym-bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ulgamlaryny ösdürmek baradaky sowallaryna jogap berip, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda öz bilimini, başarnygyny hem-de tejribesini mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş, gujurly we maksada okgunly ýolbaşçylary hödürlemek baradaky teklibiniň wajypdygyny nygtap, dalaşgäre saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrandygy üçin hoşallyklaryny bildirdiler hem-de oňa 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlarynda üstünlik arzuw etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlenen dalaşgär — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşiginiň esasy hünärmeni K.Jollyýew açyp, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetirýän D.Agajanowa söz berdi.

Çykyş eden ýygnananlary K.Saryýewiň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, onuň guramaçylyk ukybyny, syýasy taýdan sowatlylygyny, giň gözýetimliligini, watansöýüjiligini, ýokary hünär derejesini, ýaşlary terbiýelemek işinde uly tejribesini belledi hem-de ony göwnaçyk adam we oňat hojalykçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, adamlar baradaky aladanyň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň mundan beýläk-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry boljakdygyny nygtady.

K.Saryýew ýurdumyzyň döwletliligi pugtalandyrmakda, ykdysadyýeti ösdürmekde, raýatlarymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda ýeten belent sepgitlerini belläp, geljekde halk hojalygy toplumynyň esasy pudaklarynyň ýokary ösüş depginini saklamak, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek üçin anyk ädimleriň ädiljekdigini aýtdy.

Senagaty ösdürmäge, ähli içerki serişdeleri netijeli ulanmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, ykdysadyýetiň pudaklaryny, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk, durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri dowam etdirmäge aýratyn ähmiýet berler.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň meselesiniň üstünde durup, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň mundan beýläk-de öz serişde kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine ulanjakdygyny hem-de ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirjekdigini nygtady. Geljekde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri hem ýurdumyzda giňden ulanylar.

K.Saryýew oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge uly üns beriljekdigini aýtdy. Hemmetaraplaýyn bilimli, aň-paýhasly ýaş nesli hem-de milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy we beýleki ugurlary ösdürmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär ýygnananlaryň sowallaryna jogap berip, obasenagat toplumyny özgertmek boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamanyň çäklerinde, ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň dörediljekdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, milli medeniýetimizi ösdürmek we halkymyzyň gymmatly mirasyny wagyz etmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigi nygtaldy. Ähli ulgamlara sanly tehnologiýalary we ösen halkara tejribäni işjeň ornaşdyrmak wajyp ugurlaryň hatarynda bellenildi.

K.Saryýew ýygnaga gatnaşyjylara hoşallyk sözlerini beýan edip, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda ähli tagallalaryny, bilimini, toplan zähmet tejribesini mähriban halkymyzyň hem-de ata Watanymyzyň bähbidine gönükdirjekdigine ynandyrdy.

***

Türkmenabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň häkimliginde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgär, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogik ylymlaryň kandidaty Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenabat şäher birleşiginiň başlygy J.Jumaýew açdy. Soňra dalaşgäriň ynanylan wekili, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ç.Sylabowa söz berildi. Ol saýlawçylary ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly hem-de şahsy we işewür häsiýetleri bilen tanyşdyrdy.

Dalaşgär wezipesine jogapkärçilikli çemeleşýän, zähmetsöýer, işjeň durmuş we raýatlyk ornuny eýeleýän, mugallymçylyk işinde ägirt uly tejribe toplan, ýaşlaryň paýhasly pederlerimiziň wesýetlerine we däplerine wepalylyk ruhda terbiýelenmegine aýratyn üns berýän şahsyýet hökmünde häsiýetlendirildi.

Soňra welaýatyň saýlawçylarynyň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş etdi. H.Nunnaýew saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, döwlet Baştutany wezipesine saýlanylsa, durmuş ugurly syýasaty dowam edip, mähriban Watanymyza we halkymyza yhlasly zähmeti bilen gulluk etjekdigini nygtady.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmek, hususy telekeçilige goldaw bermek we raýatlaryň durmuş goraglylygy ýaly wezipeler hemişelik üns merkezinde saklanar.

Kabul edilen döwlet maksatnamalaryny, şol sanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinde tassyklanan Türkmenistany geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylar.

Milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini saklamak, ýurdumyzyň ähli sebitleriniň, şol sanda Lebap welaýatynyň şäherlerini we obalaryny döwrebaplaşdyrmak saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamanyň möhüm ugurlary bolup durýar.

Daşary syýasatda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini ugur edinýän syýasatyna üýtgewsiz ygrarly bolar diýip, ýokary döwlet wezipesine dalaşgär nygtady.

Saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, H.Nunnaýew ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, ýokary hünärli işgärleri we döwlet gurluşy ulgamyna ýaş nesilleri işjeň çekmäge taýýarlygyň çäklerinde bilim ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns beriljekdigini belledi.

Dalaşgär duşuşygyň ahyrynda bildirilen ynam üçin saýlawçylara hoşallyk bildirdi we Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadançylygy we bagtyýarlygy ugrunda güýç-gaýratyny, tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine beýleki bir dalaşgär — teklipçi topar tarapyndan hödürlenen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygy Türkmenabat şäherindäki 4-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy M.Taňrygulyýew açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy M.Orazberdiýewe söz berdi.

Ýygnananlar Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň zähmet ýoly bilen tanyşdyryldy. Onuň ýokary hünär we adamkärçilik häsiýetleri, Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine gulluk etmäge hemişe taýýardygy aýratyn nygtaldy.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň öňünde çykyş etdi. Ol saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, häzirki wagtda özygtyýarly Türkmenistanyň dünýäniň has okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girendigini hem-de milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň innowasiýalar esasynda mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürilmeginiň, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň başyny başlan hem-de ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriniň amala aşyrylmagyna uly üns berler. Şu ýylyň 11-nji fewralynda kabul edilen Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak durmuş ugurly içeri syýasatyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galar. Şunuň bilen baglylykda, bu maksatnamada raýatlaryň doly derejeli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine — durmuş maksatly desgalaryň, ilkinji nobatda, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygyna, raýatlaryň saglygynyň berkidilmegine, häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň hem-de innowasiýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň hasabyna barha kämilleşdirilýän saglygy goraýşyň netijeli ulgamynyň döredilmegine, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine aýratyn orun berilýär.

M.Öwezgeldiýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklaryny, hususan-da, ykdysadyýet, ýangyç-energetika, obasenagat toplumlarynyň, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk senagaty hem-de beýleki pudaklary ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly käbir ugurlaryny giňişleýin düşündirdi.

Bilimiň ýokary derejesi ýurdumyzyň geljegini, türkmen jemgyýetiniň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biridir. Şoňa görä-de, bu ulgamy dünýä derejesine çykarmak, ösüp gelýän nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi hem-de döredijilik ukyp-başarnyklaryny doly açmak üçin ähli şertleri döretmek möhümdir.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär üns berip diňländikleri üçin hoşallyk bildirip, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanylan ýagdaýynda, ähli gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini peýdalanmak bilen, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.