“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

26.02.2022

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Agrar partiýadan dalaşgärlige hödürlenen, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.

Agrar partiýanyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy S.Begmyradow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili T.Bäşimowa söz berdi. Ol dalaşgäriň zähmet ýoly barada aýdyp, onuň adamkärçilik, işewür hem-de hünär häsiýetleri, jemgyýetçilik guramalaryndaky, ýerli ýerine ýetiriji edaralardaky iş tejribesi barada durup geçdi.

A.Bekmyradow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyny beýan edip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmegi dowam etdirjekdigini nygtady.

Saýlap alan ösüş ýoluna pugta ygrarlylyk görkezýän Garaşsyz, Bitarap döwletimizde bu gün Diýarymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn rowaçlygyny üpjün etmek üçin giň möçberli özgertmeler maksatnamalary hem-de taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” aýratyn ähmiýet berilýär.

Dalaşgär bu döredijilikli ugruň dowam etdiriljekdigini nygtady. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda oba hojalygyny, daşky gurşawy goramagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga uly üns berler.

Senagat pudagyny, bilim ulgamyny, saglygy goraýşy, bedenterbiýäni we sporty, şonuň ýaly-da ýaşaýyş jaýlarynyň, awtoulag ýollarynyň gurluşygyny ösdürmek boýunça işler dowam etdiriler. Halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berler.

Agrar partiýadan dalaşgärlige hödürlenen A.Bekmyradow saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny, gurluşyk senagatyny, şonuň ýaly-da bilimi, saglygy goraýşy, sporty ösdürmegiň geljegine degişli maksatlary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Dalaşgär Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, ähli güýç-kuwwatyny, bilimini hem-de tejribesini gaýgyrman, bildirilen ýokary ynamy ödejekdigine ynandyrdy.

Şu gün Ahal welaýatynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen Babamyrat Meredowyň hem saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary D.Ataýew duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili O.Kazakowa söz berdi. Ol ýygnananlary B.Meredowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, dalaşgäri abraýly hem-de jogapkär ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirmek bilen, onuň ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmekdäki hyzmatlaryny, belent adamkärçiligini belledi.

Soňra B.Meredowa söz berildi. Ol ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýurdumyzyň, onuň her bir raýatynyň geljegi bilen baglanyşykly möhüm wakadygyny nygtady.

B.Meredow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyryp, ýurdumyzda asudalygy, durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün etmegi ileri tutulýan esasy ugur hökmünde görkezdi hem-de Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, döwletimiziň parahatçylyk döredijilik syýasatyny ýöretjekdigini, onuň halkara abraýynyň pugtalandyryljakdygyny nygtady.

Dalaşgäriň maksatnamasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmäge uly orun berilýär.

Hususan-da, dalaşgär milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagy, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumlarynda giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmegi, sebitleri ösdürmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda belledi. B.Meredow milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin düýpli çäreleriň amala aşyryljakdygyny nygtady.

Dalaşgär bazar ykdysadyýetiniň möhüm guraly hökmünde telekeçiligi mundan beýläk-de goldamaga uly üns berjekdigini aýtdy. Bu gün döwletimiz kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine giňden goldaw berýär, telekeçiligi üstünlikli ösdürmek üçin hukuk binýady döredildi. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny goldamak Türkmenistany geljek 30 ýylyň dowamynda ösdürmegiň maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Soňra ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky söhbetdeşligiň barşynda dalaşgär ýygnananlaryň sowallaryna jogap berip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň käbir bölümleriniň üstünde jikme-jik durup geçdi.

B.Meredow milli demokratiýanyň binýatlaýyn ýörelgelerine, halkymyzyň agzybirligine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklarymyza daýanmak bilen, geljekde ähli güýç-gaýratyny raýatlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge hem-de eziz Diýarymyzy has-da rowaçlandyrmaga gönükdirjekdigine ynandyrdy.

* * *

Şu gün Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Lebap welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary A.Babaýew duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili G.Çendirowa söz berdi. Ol ýygnananlary Balkan welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary tarapyndan ýokary döwlet wezipesine hödürlenen B.Gurbanowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony belent adamkärçilik häsiýetlerine eýe bolan, iş ýerinde uly abraýdan hem-de hormatdan peýdalanýan, işjeň, jogapkär hem-de tejribeli ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

B.Gurbanow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, ähli tagallasyny Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda ýetilen belent sepgitleri mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly gatnaşyklary ösdürmäge we giňeltmäge gönükdirjekdigini nygtady.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, ýygnananlaryň ünsüni onuň senagat pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, durmuş-medeni ähmiýetli möhüm desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak, bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryna aýratyn ähmiýet bermek baradaky ugurlaryna çekdi.

Dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, aýdylan sargytlara we tekliplere aýratyn üns berdi. Olar, hususan-da, welaýatyň senagat ulgamyny, oba hojalygyny, hususy telekeçiligi ösdürmegiň geljegi, ilatyň durmuş taýdan üpjünçiligi we beýlekiler bilen gyzyklandylar. B.Gurbanow duşuşyga gatnaşyjylar bilen söhbetdeşligiň dowamynda jemgyýetimiziň öňünde durýan wezipeler hem-de olary çözmegiň anyk ýollary barada öz garaýşyny beýan etdi.

B.Gurbanow Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan ýagdaýynda, ähli tagallasyny, bilimini we tejribesini bildirilen belent ynamy ödemäge gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň saýlawçylary Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary tarapyndan ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşow bilen duşuşdylar.

Saýlawçylar bilen duşuşygy Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň artisti D.Haýtgulyýew açdy. Ol dalaşgäriň ynanylan wekili A.Amangeldiýewe söz berdi. Ol ýygnananlary M.Ödeşowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony jogapkärçilikli hem-de ak ýürekli adam, tejribeli, başarjaň, öňde goýlan wezipeleri çözmäge ukyply ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

M.Ödeşow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň täze, belent maksatlaryna ýetmäge, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmaga, durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirmäge, şäherleri we obalary mundan beýläk-de abadanlaşdyrmaga, bilimi, ylmy, medeniýeti ösdürmäge aýratyn üns berjekdigini belledi.

Daşary syýasat barada aýdylanda bolsa, dalaşgär özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugruny dowam etdirjekdigini belledi.

Duşuşygyň barşynda dalaşgär saýlawçylaryň obasenagat toplumyna häzirki zaman ylmy-tehniki gazanylanlaryň ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň mundan beýläk-de dowam etdirilmegine, şonuň ýaly-da ilata berilýän lukmançylyk kömeginiň netijeliligine hem-de hiline, hemmetaraplaýyn bilimli, düşünjeli ýaşlary kemala getirmäge niýetlenen bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge degişli sowallaryna jogap berdi.

M.Ödeşow özüne bildirilen belent ynam üçin hoşallyk bildirip, ony halkymyzyň abadançylygynyň, eziz Diýarymyzyň rowaçlygynyň bähbidine çekýän zähmeti bilen ödejekdigine saýlawçylary ynandyrdy.

Duşuşykda çykyş eden saýlawçylar dalaşgäre halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga hem-de ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn rowaçlanmagyna gönükdirilen maksatlary üçin hoşallyk bildirdiler.