“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

28.02.2022

Saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň her welaýatyna baranlarynda, wagyz işlerini geçirmek üçin Saýlaw kodeksine laýyklykda özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, saýlawçylar bilen duşuşyklarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenbaşy, 28-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde ýurdumyzyň Demokratik partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, dalaşgäriň ynanylan wekili B.Saparowa çykyş edip, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Deňiz söwda floty” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň baş hünärmeni E.Matdyýewe söz berdi. Ol ýygnananlary Serdar Berdimuhamedowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de onuň şahsy, işeňňirlik we ýokary derejeli hünärmen hökmündäki häsiýetlerini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň öňünde çykyş etdi hem-de saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň birnäçesini belläp geçdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu taryhy resminamada göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady hem-de tebigy kuwwatyny halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir.

Dalaşgäriň çykyşynda halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny ösdürmegiň geljegine, ýaşaýyş jaý gurluşygy babatdaky maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginde, ähli ulgamlarda, şol sanda täze önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň abadanlaşdyrylmagynda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ulanmak üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy geljek 30 ýylyň dowamynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş meýilnamasyna laýyklykda, gury ýerde hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän baý nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça giň möçberli işler dowam etdiriler. Şunuň bilen birlikde, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň hem-de gaýtadan işlenilişiniň möçberlerini depginli artdyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmen “mawy ýangyjyny” hem-de elektrik energiýasyny daşarky bazarlara ibermegi diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galar.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda döwrebap, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek boýunça uly işler alnyp barlar. Täze awtomobil we demir ýollarynyň gurluşygy dowam etdiriler. Ýurdumyzyň sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolan awtomobil we demir ýollary, şol sanda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, şeýle hem Merkezi Aziýanyň “deňiz derwezesi” — Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty doly kuwwatynda işlediler.

Oba hojalygyndaky özgertmeler hem ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň gowy görnüşlerini ekmek, maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek, obasenagat toplumyna bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak işleriň esasy ugurlary bolar.

Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek barada aýratyn durlup geçildi.

Ilatyň saglygyny berkitmek, berk bedenli, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip, dalaşgär belledi.

Duşuşykda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ýygnananlaryň sowallaryna jogap berip, ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmäge, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmaga, welaýatyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň üstünde durup geçdi. Ýygnananlarda saglygy goraýyş, bilim, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmegi mundan beýläk-de gowulandyrmak, ýaşlaryň iş bilen üpjün edilişi babatdaky döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň geljegi gyzyklanma döretdi. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini degişli konsepsiýanyň çäklerinde tapgyrlaýyn özleşdirmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Munuň özi diňe bir ykdysady däl, eýsem, ekologik nukdaýnazardan-da örän wajypdyr.

Duşuşygyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, saýlawçylaryň ynamyny ödemek üçin bilimini hem-de tejribesini ulanyp, ähli tagallalary etjekdigine, ýurdumyzyň halkara abraýyny hem-de ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň bähbidine Watanymyza wepaly gulluk etjekdigine ynandyrdy.

***

Ahal welaýaty, 28-nji fewral (TDH). Şu gün Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Nunnaýew bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

Duşuşygy Ahal welaýatynyň Medeniýet müdirliginiň işgäri B.Halmämmedow açdy hem-de dalaşgäriň ynanylan wekili — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ç.Sylabowa söz berdi. Ol ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony ýokary derejeli hünärmen we mugallym, guramaçylyk ukyby bolan jogapkärçilikli ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi. Şunuň bilen birlikde, H.Nunnaýewiň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändigini görkezýän oňyn şahsy häsiýetleri bellenildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edip, täze taryhy eýýamda ýurdumyzda jemgyýetde hakyky halk häkimiýeti ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen giň demokratik özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Açyklyk, bäsdeşlik hem-de raýatlaryň erk-islegini erkin beýan etmek ýagdaýynda geçýän saýlaw möwsümi muny doly tassyklaýar.

H.Nunnaýew iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ony dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak boýunça başlan giň gerimli işlerini mynasyp dowam etdirmek üçin ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Dalaşgär döwlet we milli maksatnamalarynyň, bilime, innowasialara, ekologik taýdan arassa ýokary tehnologiýalara, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmäge, onuň pudaklaryny we eýeçiligiň görnüşlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, ilaty iş ýerleri bilen üpjün etmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga esaslanýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ýaly wezipeleriň hemişe üns merkezinde boljakdygyny nygtady.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagy, milletimiziň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmagy, halkymyzyň baý medeni mirasyny öwrenmegi hem-de wagyz etmegi, bedenterbiýäni we sporty işjeň höweslendirmegi, jemgyýetde, ilkinji nobatda, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmegi baş maksatlaryň hatarynda belledi.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesinden we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyndan ugur alyp, dünýäniň ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürer we pugtalandyrar.

Soňra H.Nunnaýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, öňde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmekde şu ýylyň 11-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň esasy ýolgörkeziji bolup durýandygyny nygtady.

Dalaşgär saýlawçylara bildiren ýokary ynamy üçin hoşallygyny beýan edip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň hem-de bagtyýarlygynyň bähbidine bilimini we güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Ahal welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

Duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap geňeşiniň başlygy G.Gurbanow açdy hem-de dalaşgäriň ynanylan wekiline — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy M.Orazberdiýewe söz berdi. Ol ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony jogapkär we zähmetsöýer adam hökmünde häsiýetlendirdi. Şunda M.Öwezgeldiýewiň ýokary hünär derejesine we şahsy häsiýetlere eýe bolmak bilen bir hatarda, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýandygy hem bellenildi.

Soňra saýlawçylaryň öňünde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär çykyş etdi hem-de saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilendigi nygtaldy. M.Öwezgeldiýew Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda ýurdumyzyň abadançylygyna we halkymyzyň rowaçlygyna, ata Watanymyzyň dünýäde abraýyny has-da belende galdyrmaga hem-de döredijilikli halkara başlangyçlary ilerletmäge gönükdirilen syýasy ugry durmuşa geçirmegi dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň wezipelerine aýratyn üns berler. Şunda innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak ileri tutulýan ugur bolar. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, raýatlaryň durmuş, zähmet hem-de dynç alyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, şäherlerde we obalarda düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen taryhy mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” bu işler üçin esas bolar.

Dalaşgär dürli ýaşdaky we kärdäki saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ykdysadyýeti hem-de döwlet durmuşynyň beýleki ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de milli gymmatlyklar ruhunda terbiýelemek ýaly bölümleriniň üstünde aýratyn durup geçdi.

M.Öwezgeldiýew ýygnananlara hoşallyk bildirip, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin tutanýerli zähmet çekjekdigine hem-de ähli bilimini we ukyp-başarnygyny ata Watanymyza hem-de halkymyza gulluk etmäge gönükdirjekdigine ýene-de bir gezek saýlawçylary ynandyrdy.

 ***

Türkmenabat, 28-nji fewral (TDH). Şu gün welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda ýurdumyzyň bu sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

Duşuşygy Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary M.Akmämmedow açdy. Soňra dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň direktory Ý.Ýagmyrowa söz berildi. Ol ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony mugallymçylyk işinde baý tejribesi hem-de guramaçylyk ukyplary bolan, başlangyçlar bilen çykyş edýän giň gözýetimli ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra P.Begenjow çykyş edip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, milli bähbitlere esaslanýan, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän döredijilikli içeri we daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýändigini nygtady.

Ýetilen belent sepgitler hem-de yzygiderli amala aşyrylýan parahatçylyk döredijilikli syýasat ata Watanymyzyň halkara giňişlikde barha artýan abraýyny şertlendirdi. Dalaşgär Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan halatynda, bu öňdengörüjilikli ugruň dowam etdirilmeginiň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdigini belledi.

Şunda ata Watanymyzyň uzak möhletleýin geljekki ösüşine gönükdirilen Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek mundan beýläk-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolar. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, hususy telekeçilige goldaw bermek hem-de ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Soňra dalaşgär saýlawçylaryň durmuş ulgamyny, şol sanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sporty höweslendirmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny, ýangyç-energetika toplumyny innowasiýa taýdan ösdürmek baradaky sowallaryna jogap berdi.

Duşuşygyň ahyrynda P.Begenjow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, bildirilen ýokary ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine hem-de güýjüni, bilimini we tejribesini halkymyza, ata Watanymyza gulluk etmäge gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýew bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

Duşuşygy Çärjew etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy M.Nobatow açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Döwlet energetika institutynyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji D.Agajanowa söz berdi. Ol ýygnananlary K.Saryýewiň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de onuň ýokary hünär derejesini, guramaçylyk ukyplaryny, hormata mynasyp şahsy häsiýetlerini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär duşuşyga gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi hem-de häzirki döwürde ata Watanymyzyň durmuşynyň her ýylynyň möhüm wakalara we şöhratly zähmet ýeňişlerine beslenýändigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýet we durmuş ulgamlarynda ýeten belent sepgitleriniň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösmegi üçin berk binýat bolandygy bellenildi. Dalaşgäriň aýdyşy ýaly, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda energetika ulgamynyň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak, önümçilige sanly tehnologiýalary, ylmyň iň soňky gazananlaryny we dünýä tejribesini ornaşdyrmak saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň, beýleki kabul edilen özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Halkyň abadançylygy barada alada, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmäge we goldamaga, döwrebap bilimli hem-de giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemäge aýratyn üns berler. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we durmuş ulgamynda isleg bildirilýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ilkinji nobatdaky wezipedir.

K.Saryýew duşuşyga gatnaşyjylaryň ýaşlar we bilim syýasaty, şeýle hem ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we beýleki wajyp meseleler baradaky sowallaryna jogap berip, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, bildirilen ýokary ynamy abraý bilen ödemek üçin ähli tagallalaryny, bilimini we ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.