“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

02.03.2022

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutterişe hat ýollady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe hat ýollady.

«1992-nji ýylyň 2-nji marty Birleşen Milletler Guramasyna biziň ýurdumyzyň kabul edilmegini aň­ladýan, Türkmenistanyň häzirki taryhynda şanly sene bolup durýar. Geçen 30 ýylda Türkmenistan BMG bilen netijeli we bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy» diýlip, milli Liderimiziň hatynda aýdylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biziň döwletimiziň özboluşly halkara hukuk ýagdaýyny dünýä tejribesinde ilkinji gezek tassyklaýan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi örän özboluşly waka bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Burdimuhamedow bu Kararnamanyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ugurlaryny we mazmunyny kesgitledi, sebitde durnuklylygy üpjün etmäge, içerki ösüşi höweslendirmäge hem-de ykdysadyýetde giňgerimli milli maksatnamalary ýerine ýetirmäge oňyn täsir edendigini belledi.

«Biziň ysnyşykly hyzmatdaşlygymyz netijesinde, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Bu merkeziň işi BMG-niň taýýarlan syýasy-hukuk usulyny nazara almak hem-de Bitarap Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, syýasy gepleşikleri höweslendirmäge gönükdirilendir» diýip, milli Liderimiz hatynda nygtady.

Türkmenistan dürli ýyllarda BMG-niň belent münberinden energetika howpsuzlygy, ulag hyzmatdaşlygy, ekologiýa we durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de adamzadyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen köp sanly beýleki başlangyçlar ýaly, ählumumy ösüşiň strategik ugurlarynda ençeme teklipleri öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz biziň başlangyçlarymyzy goldandyklary we kabul edendikleri üçin, ähli döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem netijeli işleri alyp barandyklary üçin BMG-niň Serkretariatynyň ähli işgärlerine hoşallyk sözlerini ýollady.

«Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin dünýä giňişligindäki işimizde hemişe ileri tutulýan ugur bolar. Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge berk eýerer. Parahatçylygy gorap saklamagyň, pandemiýanyň netijelerini ýeňip geçmegiň, ykdysady, ekologik, ynsanperwer we beýleki ugurlarda maksatnamalary durmuşa geçirmegiň bähbidine syýasy-diplomatik tagallalara işjeň gatnaşar» diýip, milli Liderimiz belledi.

Hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Sekretaryna berk jan saglyk we jogapkärli halkara işi­nde täze uly üstünlikleri arzuw etdi.