“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

02.03.2022

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary

Şu gün Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan dalaşgär — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň ynanylan wekili — TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty K.Gurbanow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň ynanylan wekiline — Hormatly il ýaşulusy H.Öwlýagulyýewe söz berdi. Ol zähmetsöýerligi, ata Watanymyzy gülledip ösdürmek hem-de onuň halkara abraýyny pugtalandyrmak, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça möhüm meseleleri çözmekde jogapkärçilikli, başlangyçlar bilen hem-de ýokary hünär derejesinde çemeleşmegi wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň esasy häsiýetli aýratynlyklary hökmünde belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Dalaşgär ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine öz garaýşyny beýan edip, ähli pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýeti pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlary bolan döwlet syýasatyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolmak bilen, sebitleriň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Mary welaýatynda uglewodorod serişdeleriniň täze ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek, ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň bähbidine gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gaýtadan işlemek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi “Galkynyş” gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, ýygnamak we ibermek bilen bagly işleri tutuşlygyna awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetinde esasy orunlaryň birini eýeleýän elektroenergetika toplumyna aýratyn ähmiýet berler. Bu babatda geljek ýyllarda pudagy ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek boýunça işler çaltlandyrylar. Ony durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitlerde dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyrylan gazturbinaly elektrik beketleri, elektrik geçiriji ulgamlary, paýlaýjy elektrik beketlerini gurmak, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny täzelemek göz öňünde tutulýar.

Ilaty iş orunlary bilen üpjün etmek meselesine mundan beýläk-de uly üns berler. Şunuň bilen baglylykda, sebitde durmuş we önümçilik maksatly desgalar gurlar, täze iş orunlary dörediler, kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berler, ýeňil senagat ösdüriler.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, tebigy-howa şertlerine laýyklykda, welaýatda obasenagat toplumyny ösdürmek, miwe we gök-bakja önümleriniň, dänäniň, pagtanyň, piläniň önümçiligini ýokarlandyrmak, dowarlaryň baş sanyny artdyrmak hem saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamanyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalygynda-da oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny almak, azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, ekerançylar üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler.

Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegine, hususan-da, Mary —Türkmenabat, Mary — Serhetabat awtomobil ýollarynyň, sebitiň awtoulag ýollarynyň, köprüleriň we beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygyna uly üns berler.

Dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, geljekde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Karary bilen tassyklanan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” amala aşyrylmagyna aýratyn üns beriljekdigini nygtady.

Şunuň bilen birlikde, oba ýerlerinde ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek, etraplarda täze, döwrebap şäherleri gurmak maksady bilen anyk işleriň ediljekdigi, ýaşaýyş jaýlarynyň guruljakdygy, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyryljakdygy bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara gyzyklanma bildirendikleri üçin hoşallygyny beýan edip, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda ähli bilimini we tejribesini ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, bagtyýar durmuşynyň, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny netijeli ulanmagyň bähbidine gönükdirjekdigine ynandyrdy.

***

Şu gün Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Lebap welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen şäher birleşmesiniň başlygy B.Gurbanberdiýew açdy. Soňra dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenabat şäheriniň 28-nji orta mekdebiniň direktory Ý.Ýagmyrowa söz berildi. Ol ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony guramaçylyk ukyplary we oňat şahsy häsiýetleri bolan, başlangyçlar bilen çykyş edýän ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra dalaşgär çykyş edip, ýygnananlary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy hem-de parahatçylyk söýüjiligiň, döredijiligiň we innowasion ösüşiň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bu gün döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýetilen belent sepgitler ata Watanymyzyň okgunly ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy üçin ygtybarly binýat döredýär.

P.Begenjow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, bildirilen ýokary ynamy ödemek hem-de ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmek üçin ähli güýjüni we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Şunda şu ýylyň 11-nji fewralynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy möhüm gollanma bolar.

Şunuň bilen baglylykda, halk hojalygy toplumynyň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, hususy pudagy höweslendirmek, bäsdeşlige ukyply we eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmak arkaly, ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga, şäherlerde we obalarda düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmäge aýratyn üns berler.

Soňra dalaşgär ýygnananlaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryna degişli, hususan-da, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilişi, baý milli mirasymyzy, şol sanda onuň aýrylmaz bölegi bolan meşhur ahalteke bedewlerini dünýäde giňden wagyz etmek boýunça işleriň dowam etdirilişi baradaky sowallaryna jogap berdi.

P.Begenjow duşuşygy tamamlamak bilen, ýygnananlara hoşallygyny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, ata Watanymyzyň abadançylygynyň we mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdigine ýene-de bir gezek ynandyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Ak bugdaý etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary H.Durdyýew açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň uly mugallymy D.Agajanowa söz berdi. Ol ýygnananlary K.Saryýewiň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, onuň zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, jogapkärçilik ýaly şahsy häsiýetlerini hem-de ýaşlary terbiýelemekdäki baý tejribesini belledi.

Soňra duşuşyga gatnaşyjylaryň öňünde dalaşgär çykyş edip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Halkymyzyň rowaçlygy bu maksatnamanyň iň möhüm ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge hem-de senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, halkymyza ähli babatda mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler.

Ilkinji nobatdaky wezipeleri çözmek babatda milli ykdysadyýetimizi, onuň ähli pudaklaryny, şol sanda senagat, energetika, oba hojalygy pudaklaryny mundan beýläk-de toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, iş tejribesine sanly ulgamlary we ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu maksatnamany hem-de beýleki geljegi uly meýilnamalarydyr taslamalary durmuşa geçirmekde giň gözýetimli, bilimli ýaş ýolbaşçylara we hünärmenlere esasy ornuň berilmegi bellärliklidir. Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň we halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi gerdenine alyp biljek ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek baradaky başlangyç milli Liderimiziň fewral aýynda Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda beýan edilipdi.

Şeýle hem durmuş, medeniýet, bilim, ylym hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty goldamak, ýaş nesli watansöýüjilik hem-de milli gymmatlyklaryň ruhunda terbiýelemek dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

K.Saryýew ýygnananlaryň häzirki döwürde döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ösüşiniň möhüm ugurlaryna, şol sanda Oba milli maksatnamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek we şu maksat bilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kärhanalary gurmak, daşary syýasat, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek baradaky sowallaryna jogap berdi.

Dalaşgär Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, ýurdumyzyň ösüşiň täze belent sepgitlerine tarap üstünlikli öňe gitmeginiň, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmagyň bähbidine ähli güýjüni, tejribesini we ukyp-başarnygyny gönükdirjekdigine ynandyrdy.

***

Şu gün Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Türkmenbaşy şäheriniň Medeniýet merkeziniň režissýory S.Nuryýew açdy. Soňra dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň kafedra müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ç.Sylabowa söz berildi. Ol ýygnananlary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, onuň ýokary hünär we şahsy häsiýetlerini, mugallymçylyk işindäki baý tejribesini belledi.

Soňra dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Maksatnamada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, ata Watanymyzyň okgunly ösüşine hem-de halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň dowam etdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şunda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny innowasiýa we diwersifikasiýa ýoly bilen döwrebaplaşdyrmak, olaryň durnukly ösüş depginini saklamak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezilýär.

Bu gün ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet, sebitleýin we pudaklaýyn maksatnamalaryň ata Watanymyzyň beýik sepgitlere ýetmegine we ähli ulgamlarda zähmet ýeňişleriniň gazanylmagyna ýardam berýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň öňünde geljekki 30 ýyl üçin goýlan giň möçberli wezipeler milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenildi. Bu maksatnamadaky wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de goldamagyň, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý we akylly ýaş nesli terbiýelemegiň, öňdebaryjy sanly tehnologiýalardan başy çykýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň meselelerine uly üns berler.

Şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäde abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dowam etdiriljekdigi nygtaldy.

H.Nunnaýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek üçin güýjüni we bilimini gaýgyrmajakdygyna hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň demokratik sütünleriniň pugtalandyrylmagynyň, ýurdumyzyň ösüşiň täze sepgitlerine ýetmeginiň bähbidine agzybir halkymyz bilen bilelikde halal zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Ahal welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkeziniň bölüm müdiri T.Atekäýew duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy M.Orazberdiýewe söz berdi. Ol ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony göreldeli hojalykçy, öz işiniň ussady, jogapkärçilikli we başlangyçlar bilen çykyş edýän ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Dalaşgär saýlawçylaryň öňünde çykyş etmek bilen, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary barada durup geçdi hem-de bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan oýlanyşykly syýasatyň netijesinde Türkmenistanyň dünýäniň çalt ösýän döwletleriniň birine öwrülendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu öňdengörüjilikli syýasaty dowam etdirmek ilkinji nobatdaky wezipedir. Şunda bar bolan baý çig mal binýadyny netijeli ulanmak arkaly, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, esasy pudaklar bolan ýangyç-energetika, senagat we gurluşyk toplumlarynyň, oba hojalygynyň, söwda ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny işjeň goldamak, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmegiň mukdaryny artdyrmak möhüm şert bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň döwrebap ulgamyna doly derejede goşulyşmagy boýunça zerur çäreler görler. Şunuň bilen birlikde, durmuş ulgamyny, şol sanda ylym-bilim ulgamyny, medeniýeti, saglygy goraýşy, bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş, zähmet we dynç alyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmagyň, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň, ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemegiň, ekologik abadançylygy üpjün etmegiň meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galar.

Soňra M.Öwezgeldiýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, çykyşyna gyzyklanma bildirendikleri üçin duşuşyga gatnaşyjylara hoşallygyny beýan etdi. Dalaşgär iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda, ähli güýjüni, tejribesini we ukyp-başarnygyny milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli demokratik hem-de hukuk özgertmelerini dowam etdirmäge, türkmenistanlylaryň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine kabul edilen Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny hem-de beýleki maksatnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirjekdigine ynandyrdy.