“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

03.03.2022

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň bu guramanyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Gutlagy

Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny Siziň ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlamaga şatdyryn.

1992-nji ýylyň 2-nji marty biziň guramamyz üçin aýratyn senedir. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň häzirki ähli agzalarynyň 5 göterimine golaýy onuň düzümine birleşdi.

Soňky 30 ýylyň dowamynda biz sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylyga, durnuklylyga, durmuş abadançylygyna ýetmek ugrunda ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýduk. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek we ählumumy meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmak bilen, köptaraplaýyn ulgamyň möhüm gatnaşyjysyna öwrüldi.

Biziň COVID-19 pandemiýasyndan saplanmaga çalyşýandygymyz sebäpli, bilelikde has durnukly hem-de adalatly jemgyýete tarap hereket edip biljekdigimize ynanýaryn. Biz raýdaşlyk, maksatlaryň birligi, gepleşikleriň, ylalaşyklylygyň we ýaraşmagyň gaýtadan dikeldilen ruhy arkaly öňümizde durýan wehimlere garşy göreşip, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk, hemmeler üçin abadançylyk we adam hukuklary babatda esasy tagallalaryny durmuşa geçirip bileris.

Siziň soňky 30 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasyny goldaýandygyňyz üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirýärin. Biz geljekde gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyryljakdygyna umyt bildirýäris.