“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

05.03.2022

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Agrar partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Agrar partiýanyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Ý.Sopyýew duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary T.Bäşimowa söz berdi. Ol dalaşgäriň zähmet ýolunyň esasy ugurlary barada gürrüň berip, ony işewür we jemgyýetçilik guramalarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda işläp, ýeterlik tejribe toplan hünärmen hökmünde häsiýetlendirdi.

A.Bekmyradow öz gezeginde saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy barada aýdyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Häzirki döwürde özüniň saýlap alan ýoluna ygrarly Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen özgertmeler maksatnamalary we taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň ähmiýetine zerur üns berler.

Dalaşgär döredijilikli syýasatyň dowam etdiriljekdigine ynandyrdy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän senagatynyň netijeli ösdürilmegine, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berler.

Senagat pudaklaryny, bilimi, saglygy goraýşy, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşaýyş jaýlaryny, awtomobil ýollaryny gurmak işleri dowam etdiriler. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegi babatda zerur tagallalar ediler.

Ýurdumyzyň Agrar partiýasyndan hödürlenen dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, obasenagat toplumynyň ösüşiniň geljekki ugurlary, gurluşyk senagaty, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlaryny ösdürmegiň geljekki meýilnamalary barada jikme-jik gürrüň berdi.

A.Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynda dalaşgärlige hödürlenen “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary S.Setdarow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili — Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy D.Nazkulyýewe söz berdi. Ol bu ýere ýygnananlary B.Meredowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony uly tejribe toplan, ýokary şahsy sypatlary özünde jemlän ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra ýurdumyzyň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Onda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de netijeli herekete girizmek, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, bazar ykdysadyýetini kämilleşdirmek, döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilmegi arkaly ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli önümleri öndürmek meseleleriniň möhüm orun eýelejekdigi bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda uzak möhletleýin milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy, olara laýyklykda, durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň sebitleriniň şäherleriniň we obalarynyň keşbi düýpli özgerýär. Telekeçiler tarapyndan ýokary hilli senagat we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri öndürilýär. Olar diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlaryny üpjün etmän, eýsem, eksport hem edilýär. Dürli maksatly binalaryň gurluşyklary batly depginlerde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň ösüşiniň geljekki ugurlary baradaky pikirini aýdyp, dalaşgär durmuş ugurly syýasatyň dowam etdiriljekdigini, onuň çäklerinde bilim we ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, bedenterbiýe hem-de sport ulgamlaryny kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalara we sanly ulgama esaslanmak arkaly ýaş nesilleri döwrebap terbiýelemek, olara bilim bermek meselelerine aýratyn üns beriljekdigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Olarda saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de işe ýerleşdirmek, ýurdumyzyň telekeçilerini höweslendirmek, möhüm taslamalary durmuşa geçirmek ýaly aýratyn gyzyklanma bildirilýän ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem dalaşgär telekeçilik işiniň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça çäreleri has-da işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan işler baradaky pikirini aýdyp, munuň telekeçileriň özüne ynanylan taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge bolan jogapkärçiligini ýokarlandyrjakdygyny belledi.

B.Meredow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ähli güýjüni, bilim-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Şu gün Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi toparyndan dalaşgärlige hödürlenen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň başlygy M.Janmyradow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy G.Çendirowa söz berdi. Ol ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony zähmetsöýer hem-de hormata mynasyp, sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmazdan ozal, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyny, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny we mähriban halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyny esasy ugur edinýän syýasatynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigini nygtady.

B.Gurbanow Garaşsyzlyk ýyllary içinde gadymy türkmen topragynyň tanalmaz derejede özgerendigini belläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň hukuk hem-de demokratik binýatlarynyň mundan beýläk-de berkidilmegini, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegini, döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda Türkmenistany täze tapgyrda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýakynda kabul edilen Milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýän täze kanunlarydyr kanunçylyk-hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň öz işiniň möhüm ugry hökmünde kesgitlenjekdigini belledi.

Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika hem-de obasenagat toplumlarynyň, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, şeýle hem mähriban Watanymyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmegini üpjün edýän milli hem-de halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine möhüm üns berler.

Şeýle hem B.Gurbanow milli saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmegiň hasabyna ilatyň saglygynyň dikeldilmegine mundan beýläk-de uly ähmiýet beriljekdigini nygtady.

“Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge esasynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň çäklerinde tutuş ýurdumyzda ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, hassahanalaryň, şypahana hem-de sagaldyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, beýleki wajyp desgalaryň gurluşyklarynyň gerimi has-da giňeldiler.

Duşuşygyň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Olarda, esasan, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary barada gürrüň edildi. Hususan-da, saýlawçylary bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ony täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak bilen bagly meseleler gyzyklandyrdy.

B.Gurbanow duşuşyk üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Şeýle hem şu ýerde günüň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Ý.Ýakubow açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili — Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap birleşmesiniň başlygy A.Amangeldiýewe söz berdi. Ol ýygnananlary M.Ödeşowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de ony jogapkärçilikli, tejribeli we oňyn başlangyçlary öňe sürýän, öňde goýlan wezipeleri çözmäge ukyply ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra dalaşgär M.Ödeşow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumynda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, durmuş ulgamyny nazarlaýan maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň dowam etdirilmegine, şäherleriň we obalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, bilim, ylym hem-de medeniýet ulgamlarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet beriljekdigini belledi.

Dalaşgär ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy barada aýdyp, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasaty dowam etdirjekdigini nygtady.

Soňra dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, obasenagat toplumyna ylmy-tehniki gazananlaryň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň geljekki ugurlary, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny, hemmetaraplaýyn bilimli ýaşlary taýýarlamaga gönükdirilen bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, milli medeniýetiň ösdürilmegi ýaly ugurlara möhüm ähmiýet beriljekdigine ünsi çekdi.

M.Ödeşow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, halkymyzyň abadançylygynyň, mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.