“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

07.03.2022

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary

Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň çäklerinde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, olara wagyz işlerini geçirmek üçin, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi. Bu möwsümiň umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň esasy hünärmeni H.Annageldiýew açdy. Soňra dalaşgäriň ynanylan wekiline — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy G.Çendirowa söz berildi. Ol ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy. Şunda B.Gurbanowyň ýokary hünär derejesi, şahsy häsiýetleri, guramaçylyk ukyplary hem-de ýolbaşçy wezipesindäki iş tejribesi bellenildi.

Soňra dalaşgär çykyş edip, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyzyň syýasy taýdan durnukly, ýokary ösüş depginlerini görkezýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmündäki ornunyň barha pugtalanýandygyny nygtady. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda iri taslamalar amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda zähmetsöýer hem-de agzybir halkymyz ajaýyp zähmet ýeňişlerini gazanýar.

Dalaşgär Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan ýagdaýynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň hem-de şu ýylyň 11-nji fewralynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň bähbidine ähli güýjüni we tejribesini gönükdirjekdigine ynandyrdy.

B.Gurbanow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmegiň özüniň baş maksady boljakdygyny belledi.

Esasy pudaklaryň, şol sanda ýangyç-energetika, obasenagat, senagat we gurluşyk toplumlarynyň, söwda ulgamynyň netijeliligini ösdürmek boýunça anyk çäreleri hem-de ýurdumyzyň telekeçiligini höweslendirmek ykdysadyýetde ileri tutulýan ugur bolar.

Hususan-da, sebitlerde durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmeginiň, halk hojalygynyň senagat pudagynda wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply kiçi we orta telekeçiligiň goldanylmagynyň ykdysadyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berjekdigi, munuň bolsa öz gezeginde halkymyzyň rowaçlygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna getirjekdigi bellenildi.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, durmuş ulgamyny, şol sanda ylmy, bilimi, medeniýeti, sporty, syýahatçylygy, saglygy goraýşy, şypahana-dynç alyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, ugurdaş düzümleri pugtalandyrmaga, döwrebap bilimi bolan, beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý ýaş nesli terbiýelemäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge aýratyn üns berler.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmegi, goňşy we dünýäniň beýleki döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirer.

Soňra dalaşgär saýlawçylaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi. B.Gurbanow duşuşyga gatnaşyjylara hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzyň Prezidentligine saýlanan halatynda, ähli güýjüni we ukyp-başarnygyny mähriban halkymyza we ata Watanymyza gulluk etmäge gönükdirjekdigine ýene-de bir gezek ynandyrdy.

***

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde ýurdumyzyň demirgazyk sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy K.Annaýew açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap birleşmesiniň başlygy A.Amangeldiýewe söz berdi. Ol öz gezeginde saýlawçylary M.Ödeşowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony ýokary şahsy häsiýetleri, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda iş tejribesi bolan, işine jogapkärçilikli çemeleşýän dogruçyl adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra dalaşgäre söz berildi. Ol çykyşynda täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetendigini hem-de halkara abraýyny has-da artdyrandygyny belledi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän parasatly däp-dessurlaryny we durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän dünýewi, demokratik hukuk döwletiniň döwrebap nusgasyny beýan edýär.

M.Ödeşow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda mähriban halkymyzyň we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen ugry durmuşa geçirmäge dowam etdirmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleri nazara almak bilen, milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny innowasion esasda ösdürmekde möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyna, şäherlerde we obalarda döwrebap düzümleriň döredilmegine, ilaty durmuş taýdan goramak meselelerine aýratyn üns berler.

Hususan-da, beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalygynda özgertmeleriň, şol sanda oba senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň dowam etdiriljekdigi, dürli azyk önümlerini öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurlup ulanylmaga beriljekdigi, munuň bolsa azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, obasenagat toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berjekdigi bellenildi. Daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri hem üns merkezinde saklanar. Ozal hem bolşy ýaly, ylym, bilim, medeniýet, sport, saglygy goraýyş ulgamlaryna, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berler. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde sebit we netijeli halkara hyzmatdaşlyga gönükdirlen daşary syýasaty mynasyp dowam etdiriler.

M.Ödeşow duşuşyga gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň käbir bölümleriniň üstünde aýratyn durup geçdi. Dalaşgär duşuşyk üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny we beýleki döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ýene-de bir gezek ynandyrdy.