“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

11.03.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Ýun Sok Ýola Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

“Biz Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirýäris” diýip, milli Liderimiz öz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Ýun Sok Ýola tüýs ýürekden berk jan saglyk hem-de Koreýa Respublikasynyň ähli halkynyň öňe gitmegine hem-de rowaçlygyna gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.