“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

12.03.2022

Türkmenistanda Prezident saýlawlary dowam edýär

Şu gün Türkmenistanda we dünýäniň 30 döwletinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek üçin taýýar edilen saýlaw uçastoklarynda ildeşlerimiz işjeň ses berýärler. Öň hem habar berlişi ýaly Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dokuz dalaşgär hasaba alyndy. Ýurdumyzyň syýasy partiýalaryndan we jemgyýetçilik birleşmelerinden saýlawlara milli synçy hökmünde 2620 wekil hasaba alyndy.

Saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi ýurdumyzyň merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda sanly görnüşde onlaýn görkeziler. Göni ýaýlymyň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan saýlaw uçastoklaryna optiki-süýümli kabel çekilip, web-kameralar gurnaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçişi barada ýurdumyzyň telewideniýesinde we radiosynda göni ýaýlymda görkezilýär hem-de habar berilýär.

Ähli saýlaw uçastoklarynda baýramçylyk göçme söwdasy guraldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde öndürilen «akylly» zyýansyzlandyryş geçelgeleri guraldy.

Ähli saýlaw uçastoklarynda ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary, tanymal bagşy-sazandalary we döredijilik toparlary çykyş edýärler.