“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

12.03.2022

Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi

Şu gün ata Watanymyzda Türkmen döwletiniň Baştutanynyň saýlawlary aýratyn dabaraly ýagdaýda geçirildi. Ir bilen ýurdumyzda döredilen saýlaw uçastoklaryna saýlawçylar öz konstitusion hukuklaryny berjaý etmek—iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-syndan has mynasybyna ses bermek üçin geldiler.

Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, 11-nji martda Türkmenistanda saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri tamamlandy we şu gün ir sagat 07-de ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda ses bermek başlandy. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň TDH beren maglumatlaryna görä, ir sagat 09-a çenli saýlawçylaryň umumy sanynyň 25 göterimden gowragy ses berdi, sagat 11-e çenli bolsa bu görkeziji 51 göterimden geçdi. Sagat 13-e çenli Türkmenistanda özleriniň erk-ygtyýaryny erkin beýan etmäge konstitusion hukuklaryndan ähli bellige alnan saýlawçylaryň 71 göterimden gowragy, sagat 15-e çenli 86 göterimden gowragy peýdalandy. Sagat 17-ä çenli ilatyň 93 göterimden gowragy ses berdi. Sagat 19-a, ýagny saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan pursadyna çenli saýlawçylaryň 97 göterimden gowragy ses berdi.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýarlyk bilen gelen ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda şu gün aýratyn işjeňlik, kalby joşgunlylyk we dabaralylyk emele geldi. Diýarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Şol ýerlerde konsertler we göçme söwdalar guraldy. Bu şanly gün ilkinji gezek ses bermäge gatnaşan ýaş saýlawçylaryň aýratyn ýadynda galar. Saýlaw uçastoklarynda olara gül desseleri we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin öz seslerini berenleriň hatarynda watandaşlarymyzyň parahat durmuşyny goramakda gije-gündiziň dowamynda özleriniň ýeňil bolmadyk hem-de hormatly borçlaryny amala aşyrýan edermen türkmen esgerleri hem bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ähli harby bölümlerde we birikmelerde geçirildi.

Merkezi saýlaw toparynyň TDH habar berşi ýaly, Türkmenistanyň paýtagtynda we bäş welaýatynda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugynyň kadalaryna berk laýyklykda geçen saýlaw möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesi bellenildi. Bu ýagdaýy ýerlerde saýlawlaryň barşyna gözegçiligi amala aşyran milli synçylar hem doly tassykladylar. Muňa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we daşary ýurtlardan synçylaryň wekilliginiň agzalary göz ýetirdiler. Olara saýlawlaryň näderejede geçendigi barada anyk maglumat almaga, türkmen halkynyň agzybirligine hem-de jebisligine göz ýetirmäge doly mümkinçilik boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we şonuň bilen baglanyşykly wakalar halkara jemgyýetçiliginde hem-de dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ägirt uly gyzyklanma döretdi. Şu gün saýlaw uçastoklarynda bolan köpsanly daşary ýurtly žurnalistler hem saýlawlaryň demokratiýa ýagdaýynda geçirilendigine göz ýetirdiler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlary guramaçylykly geçirildi. Ýakyn günlerde ses bermegiň gutarnykly jemleri jemlener, ýöne eýýämden saýlawlaryň Garaşsyz Türkmen döwletiniň iň täze taryhynda möhüm döwür bolmak bilen, hakyky demokratik esasda geçendigini doly tassyklamak bolar.