“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

15.03.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gazagystanyň Baştutany milli Liderimizi Türkmenistanyň oňyn ösüşini we jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylýandygyny görkezen Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Gazagystanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerendigini hem-de halkara abraýynyň belende galandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Gazagystan türkmen tarapynyň döredijilikli başlangyçlaryny hemişe goldaýar we doganlyk halkyň üstünliklerine tüýs ýürekden begenýär.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we saýlawlaryň geçirilmegine berlen ýokary baha üçin kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, gazak tarapynyň Türkmenistanyň raýatlarynyň Gazagystanyň çäginde ses bermegini guramaga goldaw berendigi we saýlawlara synçy hökmünde işjeň gatnaşandygy üçin sagbolsun aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň merkezi saýlaw toparynyň şu gün yglan eden netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowyň saýlanandygyny habar berip, özüniň syýasy işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça soňky ýyllaryň dowamynda köp sanly netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini we bilelikdäki işleriň amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen belläp, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine, onuň iki doganlyk halkyň bähbitlerine täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra milli Liderimiz telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew öz ýurdunyň köpugurly gazak-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy gazanan ýeňşi bilen gutlady we oňa ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde, gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, doganlyk Gazagystan bilen köptaraply gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan häzirki daşary syýasy strategiýany dowam etjekdigini nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar iki halky gadymy döwürlerden bäri baglanyşdyrýan dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň abadançylygynyň bähbidine ösdüriljekdigine pugta ynam bildirip, türkmen we gazak halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.