“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

15.03.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilip, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi. Şunda milli Liderimiz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz türkiýeli dostuna we kärdeşine netijeli döwletara gatnaşyklary hem-de ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, öz gezeginde, milli Liderimizi nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň giň bäsdeşlik esasynda üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Bu saýlawlar Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň gazanan ägirt uly üstünlikleri soňky 15 ýylda ýurdumyza baştutanlyk eden Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Rejep Taýyp Ärdogan döwleti dolandyrmagy has ýaş, gujur-gaýratly ýolbaşçylara bermek baradaky parasatly çözgüdini makullap, döwlet Baştutanymyza täze ugurda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, ynanyşmak, hormat goýmak hem-de özara düşünişmek gatnaşyklarynyň, köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarda mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ähli başlangyçlarynda üstünlik arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentine geçirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglary hem-de iň gowy arzuwlary üçin Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň we Prezidentiniň başlan ýoluny dowam etdirjekdigini, hususan-da, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirjekdigini, ýola goýlan döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldajakdygyny aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türk Liderine berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, doganlyk döwletiň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.