“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

15.03.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän özara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassykladylar.

Prezident Wladimir Putin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýeten Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynyň möhüm tapgyry bolan Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçmegi bilen milli Liderimizi gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, merkezi saýlaw toparynyň 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň ynamly ýeňiş gazanandygyny mälim edendigini belledi hem-de özüniň mundan beýläk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine döwletara gatnaşyklary berkitmekde we bilelikdäki işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara, sebit guramalarynyňdyr düzümleriniň çäklerinde sazlaşykly ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejä we netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Şeýle-de şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigi barada aýdyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda söwda-ykdysady ulgamdaky özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň bilelikdäki işleriň netijeli häsiýetini görkezýändigi bellenildi. Şol bir wagtyň özünde bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Wladimir Putin döwletara gatnaşyklaryň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Soňra milli Liderimiz telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Prezident Wladimir Putin türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti öz tarapyndan gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin Russiýanyň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda taryhy taýdan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn nusgasynyň kemala gelendigi nygtaldy. Bu bolsa uzak möhletleýin, ikitaraplaýyn bähbitlere, döwletara gatnaşyklaryň degişli strategiýasyna doly laýyk gelýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.