“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

19.03.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby, Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistan ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýär diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem iki halkyň bähbidine ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Patyşa Filipp VI tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Ispaniýanyň halkyna bolsa öňegidişlik hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.