“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

23.03.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwa, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hana, şeýle hem ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, yzygiderli kämilleşdirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi hem-de bu gatnaşyklaryň biziň doganlyk halklarymyzy dürli ugurlarda möhüm ösüşlere ýetirmekde uly mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Arif Alwa hem-de Premýer-ministr Imran Hana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.