“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

25.03.2022

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly waka — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de Halkara Nowruz gününiň dabaralary bilen gutlady. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa jogapkärli wezipede alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara guramanyň başlygyny ýene-de bir gezek görmäge şatdygyny aýdyp, gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny we şeýle gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn esasda ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda türki döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygy bellenildi. Munuň özi Türkmenistanyň türki dilli döwletler bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu gurama synçy derejesinde kabul edildi. Munuň doganlyk türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary köp ugurlar boýunça okgunly ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň bu guramanyň alyp barýan işlerine, şol sanda Ýaşulular geňeşine işjeň we netijeli gatnaşmagyny möhüm ugur hökmünde kesgitländigini belledi.

Şeýle hem duşuşykda ýurdumyzyň türki dilli ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürmäge we bu babatda hereket edýän degişli düzümleriň işine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym wagt tapyp kabul edendigi we netijeli gepleşikleri üçin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de oňa ýene bir gezek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.