
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



26.03.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al Asada we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Siriýa Arap Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Başar Al Asada tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Siriýanyň halkyna bolsa parahatçylygy, öňe gitmegi hem-de rowaçlygy arzuw etdi.