“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

06.04.2022

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Wladimir Wolfowiç Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady.

“Wladimir Wolfowiç Türkmenistanda parasatly we öňdengörüji syýasatçy, gündogarşynas hem-de tanymal döwlet işgäri hökmünde tanalýardy we çuňňur hormatlanylýardy. Ol türkmen halkynyň hakyky dosty bolmak bilen, türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, halklarymyzyň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we dostlugynyň berkidilmegine uly goşant goşdy” diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.