“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

23.04.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli gutlaglary iberdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlaryna, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz öz gutlaglarynda bu baýramyň belent ynsanperwerlik, asyllylyk hem-de hoşniýetlilik ýörelgelerini alamatlandyrýandygyny belläp, dostlukly ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlaryna, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, dünýäniň ähli halklaryna hem-de bütin musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.