“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

23.04.2022

Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine ýollan haty

Onuň Alyhezreti, Russiýa Federasiýasynyň 

Prezidenti jenap Wladimir Putine

Hormatly Wladimir Wladimirowiç!

Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we ýurduňyzyň ähli dostlukly halkyna Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmegine 20 ýyl dolmagy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ibermegi hormat saýýaryn.

Geçen döwür Şertnamanyň diňe bir biziň halklarymyzyň dostlugynyň we hoşniýetli goňşuçylygynyň taryhy däplerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, ikitaraplaýyn gatnaşyklary durnukly ösdürmek üçin hem pugta hukuk binýady döredýändigini aýdyň görkezýär.

Şertnamada göz öňünde tutulan mümkinçilikleriň amala aşyrylmagynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Sözümiň ahyrynda, hormatly Wladimir Wladimirowiç, Size berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işiňizde üstünlik, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa öňegidişlik hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin!

Çuňňur hormatlamak bilen,

Serdar Berdimuhamedow,

Türkmenistanyň Prezidenti.