
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



17.05.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Harald V hem-de ýurduň ähli halkyna Norwegiýanyň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Harald V tüýs ýürekden berk jan saglyk, dostlukly ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.