“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

31.05.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonaruwa ýurduň Pernambuku ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşmalarynyň, süýşgünleriň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi hem-de ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.