
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



10.06.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna milli baýram—Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Marselo Rebelo de Souza berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk, Portugaliýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.