“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

10.06.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Finlýandiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. 

Döwlet Baştutanymyz iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara  ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň  giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly  Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow  ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo  tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Finlýandiýa Respublikasynyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.