“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

10.06.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan  bilen Gresiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara  ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň  giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

Hormatly  Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Katerina Sakellaropula tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Gresiýa Respublikasynyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.