“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

10.06.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary tamamlandy

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Döwlet Tretýakow galereýasynyň häzirki döwrüň şekillendiriş sungatynyň eserlerinden düzülen bölümine bardy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen asyryň dürli döwürlerinde döredilen hem-de ekspoziýanyň esasyny düzýän sungat eserleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet Tretýakow galereýasynyň baş direktoryna gezelenç üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna resmi saparyny tamamlap, Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menziline ugrady.

Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi ugratmak dabarasy boldy. Hormat garawulynyň serkerdesiniň hasabatyndan soňra Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow rus tarapynyň resmi wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, Watanymyza ugrady.