
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



12.06.2022
Onuň Alyhezreti, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti jenap Wladimir Putine
Hormatly Wladimir Wladimirowiç!
Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Sizi hem-de Siziň ýurduňyzyň ähli halkyny Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar ýokary derejesi we yzygiderli ösdürilýändigi bilen häsiýetlendirilip, birek-birege hormat goýmagyň, ynanyşmagyň hakyky nusgasydyr.
Türkmen-rus döwletara gatnaşyklary wagtyň synagyndan geçdi we häzirki döwürde ýola goýlan ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk ýurtlarymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine yzygiderli berkidilýär. Biz gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardyrys.
Hormatly Wladimir Wladimirowiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin!
Çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.