“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

27.06.2022

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglyk, täze taryhy eýýamyň ägirt uly maksatlaryny durmuşa geçirmekde gujur-gaýrat arzuw etdi.

Hormatly Arkadagymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, örän ähmiýetli milli maksatnamalary amala aşyrmakda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde özüni tanadan “Rönesans Holding” kompaniýasynyň uly goşandyny hem-de öňdebaryjy tejribesini belledi.

Duşuşykda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, bilelikdäki işde, şol sanda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri çykarýan iri senagat desgalaryny gurmak ulgamynda toplanan tejribäni nazara alyp, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Işewür Türkmenistan bilen oňyn hem-de netijeli gatnaşyklaryň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, geljekde-de öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşjekdigine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy.