“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

27.06.2022

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Türk holdinginiň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglyk, bagt, abadançylyk, giň gerimli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Işewüriň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagyň baştutanlyk eden ýyllarynda türkmenistanlylaryň durmuş derejesini düýpgöter özgerden hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine, dünýä derejesinde abraýynyň belende göterilmegine kuwwatly itergi beren uly üstünlikler gazanyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň başy başlanan hem-de milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn kuwwatlanmagyna, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

“Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy özlerine berilýän hemmetaraplaýyn goldaw üçin türk işewürleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.