“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

27.06.2022

Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de oňyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmenistanlylary Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady hem-de bu baýramçylygyň döredijilik işgärleriniň gazanýan uly üstünlikleriniň, täze belentliklere tarap ýadawsyz tagallalarynyň subutnamasydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyga täzeçillik esasynda çemeleşýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de döwletimiziň özüniň ykdysady ösüşinde iri daşary ýurt korporasiýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň kompaniýalarynyň innowasion häsiýetli işläp taýýarlamalaryny çekmegi ugur edinýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu kompaniýanyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini we anyk netijä gönükdirilendigini nygtady.

Duşuşykda özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Erman Ylyjak dürli maksatly düzümleýin desgalary gurmak boýunça kompaniýa ynanylan taslamalaryň amala aşyrylyşy barada hormatly Prezidentimize habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň hem-de ähli işleri şertnamalarda bellenilen möhletde ýerine ýetirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Erman Ylyjak bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady. Işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, munuň üçin ähli tagallalary etjekdigine, hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigine kanagatlanma bildirdiler.