“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

29.06.2022

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany hormatly Arkadagymyzy 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de bagt, rowaçlyk, ýurdumyzyň hem-de doganlyk türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Gyrgyzystan bilen birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýylynyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk boýunça oňyn tejribäniň toplanandygy bellenildi. Taraplaryň gyzyklanmalary we syýasy erki netijesinde, döwletara gatnaşyklar okgunly ösüşe eýe boldy. Bu gün Türkmenistan we Gyrgyzystan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Söhbetdeşler birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi deňhukukly we birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklarda bilelikdäki hereketleri mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat eder.