“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

29.06.2022

Türkmenistanyň Milli GeňeşiniňHalk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly döwletiň Baştutany hormatly Arkadagymyzy 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, bagt, rowaçlyk arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda Täjigistan bilen dostlukly gatnaşyklara aýratyn gadyr goýulýandygyny we ony pugtalandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belledi.

Bu gün birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak hem-de deňhukukly esaslara daýanýan döwletara gatnaşyklar sazlaşykly we okgunly ösdürilýär. Ýurtlarymyz birek-birege hormat goýmakda, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn işjeňlik görkezýärler.

Özara bähbitli türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy barada aýdyldy. Onuň çäklerinde beýleki resminamalar bilen bir hatarda, Türkmenistan bilen Täjigistanyň parlamentleriniň Ýokary palatalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirip, Prezident Emomali Rahmona berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Täjigistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.