“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

29.06.2022

Türkmen paýtagtynda altynjy Hazar sammiti geçiriler

Şu gün Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçiriler. Ýokary derejedäki duşuşyga Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary gatnaşarlar.

Sammitde kenarýaka ýurtlaryň Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar hem-de halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alşylar.

Altynjy Hazar sammitiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.