“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

29.06.2022

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.

Dostlukly döwletiň Baştutany ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady we berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, şeýle hem Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Ilham Aliýew azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygynyň ýetilen ýokary derejesini belläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hut özüniň iki ýurduň arasynda strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm üns berýändigini aýratyn belledi.

Gahryman Arkadagymyz tüýs ýürekden gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar hem-de döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşýan uly şahsy goşandy, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň bähbidine alyp barýan netijeli bilelikdäki işi üçin azerbaýjan Liderine minnetdarlygyny beýan etdi.

Gadymy döwürlerden bäri ýurtlarymyzy dostlukly gatnaşyklar birleşdirýär, munuň özi asyrlaryň dowamynda kemala gelen iki halkyň taryhy-medeni hem-de ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde bolsa bu gatnaşyklar täze derejä we many-mazmuna eýe bolýar. Hormatly Arkadagymyz we belent mertebeli myhman söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugrudygyny belläp, energetika ulgamyndaky, şol sanda Hazar deňziniň giňişliginde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar. Söhbetdeşler bu ugurda köp işleriň edilendigini we häzir hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesiniň tutuş sebitiň ösüşinde ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti parlamentara gatnaşyklary giňeltmek hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly kuwwatyň bardygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda kemala gelen oňyn gatnaşyklaryň geljekde hem uzak möhletleýin we özara bähbitlilik esasynda ösdüriljekdigini bellediler.

Şu gezekki sammit barada aýdyp, hormatly Arkadagymyz we belent mertebeli myhman Aşgabat duşuşygynyň Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine hem-de umumy gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek üçin netijeli binýada öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda köpugurly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Şunda ýurtlarymyz BMG, ÝHHG, YHG we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine işjeň eýerýärler.

Duşuşygyň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew kanun çykaryjylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygy barada bir pikiri aýdyp, birek-birege berk jan saglyk, bagt hem-de goňşy ýurtlaryň ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikler, iki döwletiň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.