“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

29.06.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler, bu gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýyl dolýar. Deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy häzirki wagtda hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmana hoşniýetli sözleri we altynjy Hazar sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklara aýratyn gadyr goýýandygyny belläp, Türkmenistanyň gadymy medeni we taryhy kökler arkaly baglanyşýan iki doganlyk halkyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň barşynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlary söwda-ykdysady toplumy, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny, oba hojalyk pudagyny, dokma, himiýa senagatlaryny hem-de beýleki birnäçe ugurlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlediler.

Şonuň bilen birlikde, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary, ozaly bilen, bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Türkmen-azerbaýjan dostlugynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini dowam etmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem sebitleýin we halkara syýasatyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ilham Aliýew taraplaryň häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny kanagatlanma bilen belläp, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigi baradaky pikiri beýan etdiler.

Azerbaýjanyň Lideri sammitiň gün tertibine girizilen meseleler barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzy Aşgabatda şunuň ýaly wekilçilikli duşuşygyň geçirilmegi bilen gutlady we Türkmenistanyň 20 ýyl mundan ozal Hazarýaka döwletleriň sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürendigini nygtady. Bu bolsa Hazarda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegiň binýadyny goýdy hem-de degişli Konwensiýa gol çekilmegi bilen berkidildi.

Prezident Ilham Aliýew ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrundaky goşandyna ýokary baha berip, sebitiň döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilýän gepleşikleriň howpsuzlyk, ekologiýa, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak ýaly wajyp ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hazardaky bäştaraplaýyn gatnaşyklarda biziň döwletlerimiziň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolan parahatçylyga, ylalaşyga we netijeli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna bolan gyzyklanmalaryndan ugur alýandygyny nygtady. Hut şonuň üçin hem islendik meseleler hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk esasynda ara alnyp maslahatlaşylmalydyr.

Hazar deňzi biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýar. Söhbetdeşler halklarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda goňşulykda ýaşandyklaryny nygtap, Aşgabatdaky duşuşygyň ähli taraplaryň bähbidini göz öňünde tutýan çözgütleriň kabul edilmegine hem-de Hazarýaka ýurtlaryň arasynda sebitde sazlaşykly ösüşiň bähbidine we netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen täze başlangyçlaryň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam berjekdigi barada bir pikire geldiler.

Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda Azerbaýjana sapar bilen barmaga çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlyk halklarynyň bähbidine döwletara syýasy gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine özara gyzyklanmany tassykladylar.