
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



29.06.2022
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Gazagystanyň ählumumy bähbitleriň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän goňşy Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, bu duşuşygyň ýakyn we uzak geljekdäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatynda pikir alyşmaga hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny gözlemäge ýardam berjekdigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda halkara guramalaryň — BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň we beýleki düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk, netijeli türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler dünýä ösüşiniň wajyp meseleleri babatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlarynyň ýakyndygynyň, halkara giňişlikde olaryň özara goldawynyň goňşy döwletleriň netijeli hyzmatdaşlygyna hem-de gadymdan bäri doganlyk halklary baglanyşdyrýan ynamyň we özara hormatyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam berýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Bu gün Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary özara ynama, hormata hem-de düşünişmäge esaslanyp, oňyn we durnukly häsiýete eýedir.
Söhbetdeşler dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine, şeýle hem hökümet we edaralar derejesinde hyzmatdaşlygyň toplanylan tejribesine ýokary baha bermek bilen, iki tarapyň mümkinçilikleriniň hem-de bar bolan kuwwatyň doly peýdalanylmagynyň zerurdygyny bellediler.
Energetika, ulag, oba hojalyk pudagy, ýeňil senagat we söwda ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň möhüm orny we ähmiýeti aýratyn nygtaldy, ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk teklipleri, taslamalary işläp taýýarlamak bu toparyň esasy wezipesidir.
Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýratyn möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Täze taryhy eýýamda bu ulgam medeni hem-de taryhy ýörelgeleri aýawly saklaýan hem-de nesilden-nesle geçirip gelýän iki doganlyk goňşy halkyň has-da ýakynlaşmagynyň möhüm şerti bolup çykyş edýär.
Döwlet Baştutanlary ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde medeni, ylym-bilim, sport we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine özara gyzyklanmany nygtadylar.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Arkadagly Serdarymyzy özi üçin islendik amatly wagtda Gazagystana sapar bilen barmaga çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly kesgitleniler.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we giňeltmäge taýýardyklaryny ýene bir gezek tassykladylar hem-de iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk hem-de ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda okgunly öňe gitmegi arzuw etdiler.