
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



29.06.2022
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljekki ösüşini hem-de iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Eýranyň Baştutany hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür we abadançylyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. Belent mertebeli myhman Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden aýdan hoşniýetli arzuwlaryny ýetirip, EYR-nyň Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.
Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Beýik ruhy liderine mähirli jogap sözlerini aýtdy. Iki ýurduň halklaryny gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy-medeni däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Bu gün türkmen-eýran gatnaşyklary deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine hem-de oňyn hyzmatdaşlyga daýanýar.
Söhbetdeşler dürli derejede geçirilýän duşuşyklarda, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda Eýran Yslam Respublikasyna bolan resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Soňky ýyllarda türkmen-eýran gatnaşyklary söwda-ykdysady ulgamda işjeňleşdirildi. Hormatly
Arkadagymyz we goňşy döwletiň Baştutany elektroenergetika, ulag ulgamlarynda bar bolan mümkinçilikleri doly herekete girizmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Prezident Seýed Ebrahim Raisi ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, medeniýet, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary berkitmegiň wajypdygyna ünsi çekdiler.
Şeýle hem sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da meňzeşdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, altynjy Hazar sammitiniň ähmiýeti nygtaldy. Iki ýurduň Parlamentleriniň we kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.
Duşuşygyň ahyrynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, iki goňşy döwletiň umumy bähbitlerine, durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň möhüm ugurlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.