
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



29.06.2022
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Dostlukly döwletiň Baştutany Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk barada aýdan hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Beýik ruhy liderine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisä Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilýän nobatdaky ýokary derejedäki duşuşygyna çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz sammitiň çäklerinde geçiriljek bäştaraplaýyn gepleşikleriň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, köpasyrlyk ikitaraplaýyn dostluk we doganlyk gatnaşyklary soňky ýyllarda sazlaşykly ösdürilýär we berkidilýär. Ýokary derejede geçirilýän gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň täze ugurlaryny kesgitlemekde möhüm orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasyna ýakynda bolan resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar munuň aýdyň beýanydyr.
Çäk taýdan goňşy ýerleşen we taryhy, medeni kökler arkaly baglanyşýan ýurtlarymyz hyzmatdaşlyk boýunça bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Şunda bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy amala aşyryldy. Taraplar däp bolan gatnaşyklaryň geljekki ugurlary barada aýdyp, olaryň ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýandygyny aýtdylar hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.
Şunuň bilen birlikde, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça meýilleşdirilen işleriň durmuşa geçirilmeginiň häzirki döwürde täze derejä çykýan türkmen-eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gönüden-göni ýardam berjekdigi bellenildi.
Gaz we elektroenergetika ulgamlary, ulag hem-de aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklar döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmakda hökümetara türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýetine üns çekildi. Ol ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmagyň möhüm guraly bolup durýar.
Döwlet Baştutanlary netijeli ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, ruhy we medeni umumylyklar arkaly baglanyşýan iki halkyň arasyndaky bilim, ylym hem-de medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de bilelikdäki çäreleri guramak tejribesini dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Eýranyň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň we onuň düzümleýin edaralarynyň çäklerinde özara goldaw bermek esasynda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek bilen, sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýandyklary nygtaldy. Hazarýaka ýurtlaryň deňhukuklylyk esasdaky gatnaşyklaryny ösdürmäge goldaw bermek ýaly wajyp ugurda hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, altynjy Hazar sammitiniň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazar sebitinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň we gurallarynyň işlenilip taýýarlanylmagy kenarýaka döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak, ilkinji nobatda bolsa, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döreder.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Seýed Ebrahim Raisi birek-birege ýagşy arzuwlaryny beýan edip, iki ýurduň arasynda Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet bähbitlerine hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we hyzmatdaşlygyň geljekde-de işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirdiler.