“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

29.06.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmany beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow russiýaly kärdeşine sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlaryny kesgitlemekde we Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde oňyn mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler türkmen-rus gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini tassyklap, hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin giň mümkinçilige eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Bu gün ýurtlarymyz deňhukukly, uzak möhletleýin esasda we geçen 30 ýylyň dowamynda gazanylanlary hem-de döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini nazara almak arkaly ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge bolan oýlanyşykly çemeleşmeleri öňe sürýärler. Döwlet Baştutanymyzyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň jemleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň dowamynda bar bolan mümkinçilikleri netijeli amala aşyrmak we ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek hem-de döwletara we hökümetara derejedäki ýola goýlan gatnaşyklaryň çäklerinde işewür düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garaldy. Söwda-ykdysady, nebitgaz toplumlary, awtomobil senagaty, gämi gurluşygy, howa ýollary, gazhimiýa senagaty ýaly pudaklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi. Şeýle hem Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy, Astrahan, Swerdlow oblastlary, Sankt-Peterburg we beýleki sebitleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary boýunça türkmen-rus gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň wajypdygyna üns berildi. Bu gatnaşyklar yzygiderli häsiýetde ösdürilýär.

Iki dostlukly ýurduň Baştutanlary soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň parlamentara hyzmatdaşlyk arkaly baýlaşdyrylýandygyny nygtadylar. Bu hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär.

Duşuşykda sebit we ählumumy meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda syýasy gatnaşyklaryň özara düşünişmek we netijeli esasda ýokary derejä ýetendigi bellenildi. Iki döwlet halkara giňişlikde birek-birege goldaw berýär. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä giňişliginde, sebit hem-de ählumumy möçberde parahatçylygyň, durnuklylygyň we sazlaşykly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryna goldaw berýändigi üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Russiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň Milletler Bileleşiginiň ähli döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly, 1995-nji ýylyň dekabrynda we 2015-nji ýylyň iýun aýynda kabul eden Kararnamalaryny diňe bir goldaman, eýsem, olara awtordaş bolup çykyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda sebitleýin we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň ikitaraplaýyn, şeýle-de BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň, düzümleriň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändigi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary şu gezekki sammitiň gün tertibi barada aýdyp, strategik ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şeýle hem tutuş Hazar giňişliginde howpsuzlygy üpjün etmek üçin netijeli gurallaryň kemala getirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin türkmen-rus gatnaşyklarynyň öňden gelýän dostluk ýörelgelerine hem-de taraplaryň erk-isleglerine daýanyp, geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler, şonuň ýaly-da iki döwletiň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.