
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



20.07.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Litwa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gitanas Nauseda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk, Litwa Respublikasynyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.