“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

23.07.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de ýurduň halkyna mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Abdel Fattah Al-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Müsür Arap Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.