
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



12.08.2022
Teleýaýlymda ýapon filmi görkeziler
Indiki duşenbeden başlap, Ýaponiýanyň teleradiogepleşikler korporasiýasynyň (NHK) önümi bolan «Goçiso-san» köpseriýaly telewizion filmi türkmen telewideniýesinde görkezilip başlanar. Ol Ýapon Gaznasynyň halkymyza Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli özboluşly sowgadydyr.
Ildeşlerimiz filme duşenbe we sişenbe günleri sagat 13:30-dan 15.15-e çenli tomaşa edip bielrler.
Filmiň wakalary 20-nji asyryň birinji ýarymynda Tokioda we Osakada bolup geçýär. Ol hemmelere tanyş we ähli kişi üçin umumy söýgi hem tagam temasyndan söhbet açýar. «Goçiso-san» - ýaponlaryň nahar edinenden soň dilden aýdýan ýa-da ýürekden bildirýän hoşallyk sözüdir.
Filim tutuş dünýäde gowy baha mynasyp bolan.