“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

20.08.2022

Türkmenistanyň raýatlary üçin saglyk we sagdyn durmuş sowalnamasy

Türkmenistanyň Telewideniýe, radio ýaýlymy we kinematografiýa boýunça Döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Maglumat merkezi bilen bilelikde saglyk we sagdyn durmuş ýörelgesiniň internet sowalnamasyny taýýarlady.

On bir sowaldan ybarat sowalnama, saglygy berkitmäge we keselleriň öňüni almaga, raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmekleri üçin we gündelik edim-gylymlaryna peýdaly endikleri ornaşdyrmaklaryny höweslendirmäge gönükdirilendir. Ol adamlara saglyk meselelerine ünsi jemlemäge, alyp barýan durmuş ýörelgelerini derňemäge mümkinçilik berýär.

Sowalnamada “Irden maşk edýärsiňizmi?”, “Gündelik iýmitiňize miwedir gök önüm goşýarsyňyzmy?”, “Ertirlik nahary siziň üçin hökmanmy?”, “Günüň dowamynda durmuşyňyzda bolup geçen ýakymly pursatlary ýatlap ýylgyrýarsyňyzmy?” we ş.m. soraglar bar.

Sowalnama ilat tarapyndan oňyn garşylandy, muny gelen seslenmeler-de tassyklaýar. Mahabat müdirligi geljekde, ýörite topar tarapyndan taýýarlanan, şeýle sowallar bilen bagly çäräni ata Watanymyzdaky möhüm sene ýa wakalar bilen bagly, yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýär.