“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

04.09.2022

Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň işleriniň sergisi

Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň 19-sy şowly žiwopis eserleriniň 140-syny görkezildi.

Biz sungaty öwreniji Azat Annaýew bilen merkeziň iki zalyna aýlanyp çykdyk. Sergi akademiýanyň ussatlarynyň daş-töwerege garaýşyny görkezýän halypa hökmünde hem çykyş edýär. Şägirtler bolsa – sergiden özi üçin gymmatly bir zat öwrenýän çeperçilik okuw jaýlarynyň talyplarydy.

Sergide Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Guwançmyrat Hojanyýazowyň fotorealizm usulynda çekilen «Çaga oýny» suraty saýlanyp dur.

Polat Garryýewiň «Ümürde» atly kreatiw işinde üsti odunly iki taýhar ümürde «Dumandaky kirpijik» multfilminiň gahrymanyny ýada salýar.

Gahryman Goçmyradowyň «Synpdaşlaryň agşamynda» atly işi nakgaşy sungat muşdaklaryna tanadan işdir.

Annageldi Jumanyýazowyň «Gerekmejek zatlar», Begenç Berkeliýewiň «Tut agaçlary» suratlar tapgyry tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Annadurdy Almämmedow sergä «Alagaraňkylykdaky aý dereleri» eserini getiripdir. Daglary şeýle üýtgeşik batyrgaý şekillendirmek ýaş, erjel, kreatiw nakgaşlara mahsus, şonuň üçinem şu ýyl 85 ýaş toýuny belleýän Türkmenistanyň halk nakgaşy özüniň halaýan daglar temasyna ýaş garaýşy bilen öz muşdaklaryny haýrana goýýar.

Sergidäki işleriň ählisi-de aýratyn üns bereniňe degýän eserler. Zehinli nakgaşlaryň bu işlerinden talyp ýaşlara öwrenere zat kän.