
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



02.10.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere German bitewüliginiň güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip belläp, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýere tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Germaniýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.